Trace Id is missing

Microsoft® Office Language Accessory Pack – Türkmençe

Gurnaýan diliňize baglylykda, Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençe goşmaça displeý, kömek ýa-da orfografiýa gurallaryny goşýar.

Möhüm! Aşakdan dil saýlamak tutuş sahypadaky materialy dinamiki görnüşde şol dile üýtgeder.

Göçürip al
  • Wersiýa:

    2016/2019

    Neşir edilen senesi:

    16.03.2016

    Faýl ady:

    Office2016_LAP_Readme_tk-tm.docx

    Faýl ölçegi:

    22.0 KB

    Gurnaýan diliňize baglylykda, Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençe goşmaça displeý, kömek ýa-da orfografiýa gurallaryny goşýar.
     Gurnawdan soňra, Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençe mümkinçilikleri we degişli opsiýalar Office programmalarynda we Microsoft Office Dil ileri tutmalary programmasynda elýeterlidir.
  • Goldanylýan operasion ulgamlar

    Windows 10, Windows 7, Windows 8

      Ulgam talaplary barada iň täze maglumatlar üçin, Office üçin ulgam talaplary bagyna serediň
      Microsoft Windows 8 - 32 ýa-da 64-bit OU
      Microsoft Windows 10 - 32 ýa-da 64-bit OU. (Bir-gezeklik Office 2019 satyn alan ulanyjylar üçin, Windows 10 ýeke-täk goldanylýan OU-dyr)
      Bellik:Diliňize optimal goldaw üpjün etmek üçin, Operasion ulgamyňyza iň täze Serwis paketlerini gurnalmagyny üpjün ediň.

    Programma üpjünçiligiIçinde Microsoft Excel, Microsoft Lync, Microsoft OneNote, Microsoft Outlook, Microsoft PowerPoint ýa-da Microsoft Word bar bolan islendik Office 2016 (ýa-da has täze) wersiýasy, isle toplum, isle-de özbaşdak bolsun, Microsoft Office Language Accessory Pack 2016 (ýa-da has täze) - Türkmençäni goldar.
    Kompýuter we prosessor1.6 GGs prosessory, SSE2 goldawly ýa-da has ýokary; 4GB RAM; 2 GB RAM (32-bit) ýa-da has ýokary

    Disk ýeriGurnalgy Office programmalary tarapyndan ulanylýan gaty disk ýerinden başga-da,
  • 4 GB gaty disk ýeri elýeterli.

  • Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençe bilen ulanýan Office programmalaryňyzyňky bilen şol bir ähli beýleki ulgam talaplary.


  • Windows Dil interfeýs paketiOperasion ulgamyňyza we programma üpjünçiligi programmalaryňyza optimal dil goldawy üçin, iň täze Windows Dil interfeýs paketlerini gurnamaklyk maslahat berilýär.

    Monitor çözgüdi we DPI sazlamalaryŞriftleriň aglaba köpüsi 1366 x 768 çözgütde optimal okalar ýaly görnüşde döredildi. Dil şriftiňizi okamakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, displeý sazlamalaryňyzy şu çözgüde ýa-da gerek bolsa, has ýokary çözgüde täzeläň. Üns beriň: biz Office programmalaryny Windows-yň standart DPI sazlamasy bolan 96 DPI-da ulanmagyňyzy maslahat berýäris. 120 DPI sazlamasyny ulanmaklyk käbir Office programmalarynda Office-iň dialog ölçeglerini ulaldyp, Office-iň ulanyjy tejribesini ýaramazlaşdyryp biler.

    Sebit we dil opsiýalaryOndan başga-da, Dolandyryş panelinde ähli Sebit we dil opsiýalaryny Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençe bilen bir dile bellemeklik maslahat berilýär.

  • Şu Language Accessory Pack-ini gurnamak üçin:
    1. Şu bagy basyp, Language Accessory Pack gurnaýjysy faýlyny göçürip alyňLanguage Accessory Pack gurnaýjysyny göçürip al
    2. Göçürim gutaransoň, Işlet-i saýlaň.
    3. Ekrandaky görkezmeleri berjaý edip, gurnawy tamamlaň.

    Ulanyjy interfeýsini Language Accessory Pack diline çalyş
    Language Accessory Pack gurnalansoň, ulanyjy interfeýs dilini türkmen diline Office programmalarynda ýa-da Microsoft Office Dil ileri tutmalary programmasynda çalşyp bilersiňiz.

    Dil ileri tutmalaryndan ulanyjy interfeýs dilini çalyşmak üçin:

    1. Office dil ileri tutmalaryny işlediň.
    2. Redaktirleme dillerini saýla sanawyndan öz redaktirleme diliňizi saýlap, Standart edip belle düwmesini basyň.
    3. Displeý we kömek dillerini saýla sanawlaryndan öz displeý diliňizi saýlap, Standart edip belle düwmesini basyň.
    4. OK düwmesini basyň.

    Office programmasynda ulanyjy interfeýs dilini çalyşmak üçin:

    1. Faýl, Opsiýalar-a gidip, Dil-i saýlaň.
    2. Redaktirleme dillerini saýla sanawyndan öz redaktirleme diliňizi saýlap, Standart edip belle düwmesini basyň.
    3. Displeý we kömek dillerini saýla sanawlaryndan öz displeý diliňizi saýlap, Standart edip belle düwmesini basyň.
    4. OK düwmesini basyň.

    Saýlan dil sazlamalaryňyz indiki gezek Office programmalaryňyzy başladanyňyzda güýje girer.

    Orfografiýa dilini üýtget
    Microsoft Office Language Accessory Pack - Türkmençede öz diliňizde orfografiýa gurallary bar bolup biler. ynha, tekst saýlawy üçin orfografiýa dilini üýtgetmegiň usuly:

    Excel: Excel standart orfografiýa dilini kesgitlemek üçin, Microsoft Office-iň Esasy redaktirleme dili sazlamasyny ulanýar. Muny üýtgetmek üçin, Faýl-y basyp, Opsiýalar-y basyň. Orfografiýa opsiýasyny basyp, Sözlük dili sanawyndan elýeterli dilleriň birini saýlaň.

    Outlook, PowerPoint, Word we OneNote: Orfografiýasyny barlamak isleýän tekstiňizi saýlap, Gözden geçir-i basyp, Dil düwmesini basyň we Orfografiýa dilini belle opsiýasyny basyň. Sanaw gutusyndan öz isleýän diliňizi saýlap, OK basyň.