Trace Id is missing

Hyzmatlar şertnamaňyz has düşnükli beýan edildi

Microsoft-yň müşderi onlaýn önümdir hyzmatlaryny ulanmagyňyz baradaky Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny täzeleýäris. Bu täzelemeleriň maksady şertlerimizi size düşündirmek, olary size aç-açan görkezmek, şeýle hem, täze Microsoft önümdir hyzmatlaryny we aýratynlyklaryny ol şertlere degişli etmek bolup durýar.

Aşakda gysgaça beýan edilýän ol täzelemeler 30 sentýabr, 2023 güni güýje girer. Eger 30 sentýabr, 2023 güni ýa-da şondan soň önümlerimizi ýa-da hyzmatlarymyzy ulanmaga dowam etseňiz, onda täzelenen Microsoft Hyzmatlary şertnamasy bilen ylalaşdygyňyz bolýar.

Ýygy soralýan soraglar

Microsoft Hyzmatlary şertnamasy näme?

Microsoft Hyzmatlary şertnamasy siziň bilen Microsoft-yň (ýa-da onuň bir şahamçasynyň) arasyndaky şertnama bolup, ol siziň Microsoft-yň onlaýn müşderi önümdir hyzmatlaryny ulanmagyňyzy düzgünleşdirýär. Degişli önümdir hyzmatlaryň doly sanawyny şu ýerden görüp bilersiňiz.

Haýsy önümdir hyzmatlar Microsoft Hyzmatlary şertnamasyna girmeýär?

Microsoft Hyzmatlary şertnamasy korporatiw lisenzirlenilýän müşderilere, şol sanda Microsoft 365 kärhana, bilim ýa-da döwlet müşderilerine, Azure, Yammer ýa-da Skype for Business üçin niýetlenilýän önümdir hyzmatlara degişli däldir. Howpsuzlyk, gizlinlik we ylalaşyklylyk bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem Microsoft 365 biznes bilen dahylly maglumatlar üçin, https://www.microsoft.com/trust-center/product-overview salgysyndaky Microsoft 365 Ynam merkezine baryň.

Microsoft öz Microsoft Hyzmatlary şertnamasynda nämeleri üýtgedýär?

Iň möhüm üýtgetmeleriň jemlemesini şu ýerde berýäris.

Ähli üýtgetmeleri görmek üçin, Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny doly okamagyňyzy maslahat berýäris.

Bu şertler haçan güýje girýär?

Microsoft Hyzmatlary şertnamasyndaky täzelemeler 30 sentýabr, 2023 güni güýje girer. Şol wagta çenli häzirki şertleriňiz öz güýjüni saklaýar.

Bu şertleri nädip kabul etmeli?

30 sentýabr, 2023 güni ýa-da şondan soň önümdir hyzmatlarymyzy ulansaňyz ýa-da olara girseňiz, onda täzelenen Microsoft Hyzmatlary şertnamasy bilen ylalaşdygyňyz bolýar. Eger ylalaşmaýan bolsaňyz, önümdir hyzmatlary ulanmagy bes edip we 30 sentýabr, 2023 senesinden öň Microsoft hasabyňyzy ýapmagy saýlap bilersiňiz.