Trace Id is missing

Microsoft Hyzmatlary şertnamasyndaky üýtgetmeleriň gysgaça beýany – 30 sentýabr, 2023

Microsoft-yň müşderi onlaýn önümdir hyzmatlaryny ulanmagyňyz baradaky Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny täzeleýäris. Bu sahypada Microsoft Hyzmatlary şertnamasynyň iň möhüm üýtgetmeleriniň gysgaça beýany görkezilýär.

Ähli üýtgetmeleri görmek üçin, Microsoft Hyzmatlary şertnamasyny şu ýerden okaň.

  1. At setirinde neşir ediljek senesini 30 iýul, 2023 we güýje girýän senesini 30 sentýabr, 2023 edip täzeledik.
  2. Gizlinligiňiz bölüminde AI hyzmatlarymyzy ulanmagyňyz arkaly döredilen materiallary goşmak üçin "Öz materialyňyz" adalgasynyň kesgitlemesini giňeltdik.
  3. Özüňi alyp baryş düzgünleri bölüminde AI hyzmatlarynyň ulanylyşyny düzgünleşdirmek üçin dil goşduk.
  4. Hyzmatlary we Goldawy ulanmak bölüminde şu aşakdaky goşmaçalary girizdik:
    • Bu düzgünleri düşündirmek we ulanyjylaryň olara has gowy düşünmegine kömek etmek üçin, Moderasiýa we Güýje girizmek/ulanmak bölümini goşduk.
    • Awstraliýaly müşderilere Telekommunikasiýa sarp edijilerini goramak baradaky kodekse tabyn bolan bir harydy ýa-da hyzmaty ulanmak boýunça berlen hukuklary görkezmek üçin bir bölüm goşduk, ol bölüm sarp edijiniň öz adyndan Microsoft bilen iş salyşmak üçin adwokat ýa-da ygtyýarly wekil bellememegine mümkinçilik berýär.
  5. Potratçy gurama, ulanylýan hukugy saýlamak we jedelleriň çözülmeli ýeri bölüminde Microsoft Teams-iň mugt bölekleri üçin şertnama baglaşýan tarap Awstraliýa üçin täzelenildi.
  6. Hyzmata mahsus şertler bölüminde şu aşakdaky goşmaçalary we üýtgetmeleri girizdik:
    • Dynamics 365-e salgylanma goşduk, sebäbi bu önüm üçin synag möhletli ýazylmaklygy Microsoft hasabynyň hakykylyk barlagy arkaly işledip bolýar.
    • Önümiň öz funksional zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyna mümkinçilik berýän ulanyjy lisenziýasy düzgünlerini düşündirmek üçin, Bing Places bölümini üýtgetdik.
    • OneDrive we Outlook.com-y öz içine alýan we marka üýtgemelerini görkezýän "Microsoft Ammar" atly täze bölüm döretdik. Ol häzirki wagtda OneDrive ammar kwotalaryna, şeýle hem, Outlook.com ammar kwotalaryna deňeşdirilip hasaplanylýan şol Outlook.com seplemelerindäki ammar kwotalarynyň häzirki ýagdaýyny görkezýär. Goşmaça maglumat bar bolan bir sahypanyň bagy hem görkezilýär.
    • Biz programmanyň global derejede ýaýradylmagyny beýan etmek, Microsoft hasaby ulanyjylarynyň awtomatik bellige alynmagyny goldamak we programma barada beýleki goşmaça düşündirişleri goşmak üçin, Microsoft Rewards bölümini düşündirdik.
    • Belli bir çäklendirmeleri, Öz materialyňyzy ulanmak we AI hyzmatlaryny ulanmak bilen baglanyşykly talaplary görkezmek üçin, AI hyzmatlary barada bölüm goşduk.
  7. Bildirişler bölüminde käbir lisenziýalaryň we patentleriň bildiriş ýagdaýyny täzelemek üçin üýtgetmeler girizdik.
  8. Tutuş Şertlerde üýtgetmeler edip, düşnükliligi gowulandyrdyk, grammatika, harp ýalňyşy we şolara meňzeş başga meseleleri düzetdik. Biz at goýmagy we giper-baglary hem täzeledik.